logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

SAGDYN NESIL-SAGDYN JEMGYÝET

SAGDYN NESIL-SAGDYN JEMGYÝET

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň guramagynda 95-nji orta mekdepde «Sagdyn nesil-sagdyn jemgyýet» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ensklopedik kitaby bütin türkmen halky üçin gymmatly gollanma öwrülendigi, aýratynam saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşine ebedi hyzmat etjek genji-hazyna bolup durýandygy barada buýsanç bilen gürrüň berdiler. Mundan başga-da tebigatyň ynsan saglygy bilen sazlaşygyny amala aşyrmaga ýardam edýän bu kitap, dünýäniň dürli dillerine terjime edilendigi, şeýle-de alym Arkadagymyzyň dermanlyk ösümlikleri barada häzirki zaman lukmançylygynyň dünýä tejribesinde gazananlarynyň üstüni ýetirýändigi, ýurdumyzda bitýän dermanlyk ösümlikleriniň ylmy esasda öwrenilişi, olaryň melhemlik häsiýetleri bu kitapda giňden beýan edilýändigi hakynda bellediler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda ýurdumyzy sagdynlygyň mekanyna öwürýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.