logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

SAGLYK–BAŞ BAÝLYGYMYZ

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynda «Saglyk–baş baýlygymyz» ady bilen Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildi esasynda söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň giň okyjylar köpçüligine gelip gowuşmagy bütin türkmen halkyny, aýratynam kitaphanaçylary begendirendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de bu ajaýyp eseriň baplarynda şypaly hasaplanýan 107 sany dermanlyk ösümlikler barada doly we düýpli maglumatlaryň berilýändigi hakynda aýtdylar. «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplarda her ösümlik barada umumy häsiýetnama, ösüş aýratynlyklary ýaýraw derejesi, himiki düzümi, ulanylyşy, derman taýýarlanyşy barada giňişleýin beýan edilýändigi hakynda söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda ajaýyp eýýamymyzyň eşretleriniň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.