logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Sähra meňzeş şahyr

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Gökderedäki Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri atly çagalar sagaldyş dynç alyş merkezinde wagtlaryny hoş geçirýän çagalar bilen şahyr Halyl Kulyýewiň “Sähra meňzeş şahyr” atly ady bilen şahyr Halyl Kulyýewiň 90 ýyllygyna bagyşlanyp, çeper okaýyş geçirildi.

Söhbetdeşligiň başynda şahyr Halyl Kulyýewiň şygyrýetini baharyň bütin barlygyny özüne siňdirip, şahyrana bahary kemala getiren döredijilikdir, şypalydyr, şirindir, diýip muny diňe bahar hakyndaky goşgulary däl-de, eýsem, şahyryň bahar tebigatyna dahylly bolmadyk şygyrlaryny, tutuş şahyrlyk labzyny nazara alyp aýtdylar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda döwletimiz tarapyndan mähirli aladalar bilen gurşalan ýaş nesillerimiz özlerine baky bagtyýarlygy bagyşlan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny aýtdylar.