logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Şahyr Mämmet Seýidowyň ömri we döredijiligi hakynda söhbet

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda kitaphana işgärleri bilen “Miras” teleýaýlymynyň “Edebiýat dünýäsinden” atly gepleşigi tarapyndan XX asyr türkmen poeziýasynyň ösüşinde möhüm orny eýeleýän şahyr, terjimeçi Mämmet Seýidowyň ömri we döredijiligi hakynda watançylyk, zähmet, ynsanperwerlik temalary bilen baglanyşykly ýazan eserleri dogrusynda giňişleýin söhbet edildi. Şahyryň birnäçe goşgulary labyzly okaldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe edebiýat äleminde yz goýan ýazyjy-şahyrlaryň sarpasyny belende galdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, beýik işleri rowaç bolsun.