Lebap welaýat kitaphanasynyň hünärmenleri Türkmenabat şäherindäki 38-nji orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda Gündogar edebiýatynyň nusgawy şahyry Alyşir Nowaýynyň doglan gününiň 585 ýyllygyna bagyşlap edebiýat agşamyny geçirdiler. Çykyşlarda şahyryň ömri-döredijiligi, onuň eserlerinde watansöýüjilik, zähmetsöýüjilik, edep-terbiýe, ahlaklylyk ýaly çuňňur many-mazmunly garaýyşlar barada gürrüňler berildi. Şeýle-de, şahyryň liriki şygyrlarynda bolsa söýgi we wepalylyk, dostluk we agzybirlik, adamkärçilik, myhmansöýerlik, adalatlylyk ýaly pikirler eserleriň içinden eriş-argaç bolup geçýär diýip bellediler.