logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Şahyryň döredijilik dünýäsi — ruhy gymmatlyklaryň çeşmesi

Golaýda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyñ döredijilik toparynyñ agzasy, halkara bäsleşigiñ laureaty, “Kompozisiýa” hünäriniñ talyby Aýläle Gulmyradowanyñ gurnamagynda Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy, şahyr Bazar Şalyýew bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy, “Watana bolan söýgüsi üçin” we “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” medallarynyň eýesi, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijisi, şahyr Bazar Şalyýewiň döredijilik ýoluna we çeper söz sungatyna bagyşlanan döredijilik duşuşygy edebiýata bolan söýgini artdyrmak, ýaş nesliň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmak hem-de milli edebiýatymyzyň ähmiýetini giňden wagyz etmek maksady bilen guraldy. Duşuşygyň başynda Bazar Şalyýewiň durmuş we döredijilik ýoluny şöhlelendirýän wideorolik görkezildi. Soňra şahyra söz berlip, onuň döredijilik dünýäsiniň aýratynlyklary, edebi garaýyşlary we şahyrana ylhamynyň gözbaşlary barada söhbet edildi. Bazar Şalyýew durmuşyndaky buýsançly hem-de tolgundyryjy pursatlary talyp ýaşlar bilen paýlaşdy. Duşuşykda şahyryň maşgala terbiýesi, döredijilik ýolunyň dowam etdirilmegi, kitaplarynyň many-mazmuny barada hem gürrüň edildi. Aýratyn-da şahyryň “Rubagylar” atly kitabyna, çeper pikirleniş aýratynlyklaryna hem-de rubagy žanrynyň türkmen edebiýatyndaky ornuna ünsi çekildi. Çagalar dünýäsi, olaryň päk arzuwlary, şadyýanlygy we geljege bolan ynamy Bazar Şalyýewiň döredijiliginde ähmiýetli temalaryň biri hökmünde açylyp görkezildi. Şahyryň eserlerinde ýaş nesliň terbiýesine, ynsanperwerlige, Watana we ene topraga bolan hormat-sarpa degişli pikirleriň beýany barada birnäçe söhbetler edildi. Duşuşyk aýdym-saz çykyşlary bilen utgaşdyryldy. Aşgabat şäheriniň 4-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçylary Çynar Rejepowa, Mähriban Orazowa, Selim Hajiýew we Alyhan Jumanazarow Bazar Şalyýewiň goşgusyna döredilen Çynar Gurbanowyñ sazyna ýazylan “Bagtyýardyr döwrümiz” atly aýdymyny, Gülälek Baýrammyradowanyñ ýolbaşçylygynda ýerine ýetirdiler. Döredijilik duşuşygynyñ dowamynda Bazar Şalyýew “Gyz kasamy” goşgusynyň döreýiş taryhy barada gürrüň berdi. Bu goşgyny Bägül Kakalyýewa labyzly okap, şahyryň çeper sözleriniň many-mazmunyny diňleýjilere ýetirdi. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphanasynyň müdiri Maral Nuryýewa hem-de birinji derejeli kitaphanaçy Gyzylgül Annadurdyýewa hem duşuşyga gatnaşyp, şahyryň kitaplarynyň ähmiýeti, çeper edebiýatyň ýaş nesli terbiýelemekdäki orny we okamak medeniýeti barada pikirlerini paýlaşdylar. Duşuşykda konserwatoriýanyň zehinli talyp ýaşlarynyň döreden goşgularyna, döredijilik gözleglerine hem üns berildi. Şahyryň goşgularyna döredilen aýdym-saz eserleri duşuşygyň mazmunyny has-da baýlaşdyrdy. Çynar Gurbanowyň sazyna ýazylan “Ýaşyl Tugum” aýdymy Aşgabat şäheriniň 4-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Çynar Rejepowanyň ýerine ýetirmeginde ýaňlandy. Oña fortepianoda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyñ “Fortepiano” hünäriniñ talyby Täzegül Jumaýewa sazandarlyk etdi. Şeýle döredijilik duşuşyklary edebiýata sarpany artdyrmak, halypa şahyrlaryň döredijilik tejribesini ýaşlara ýetirmek babatda möhüm ähmiýete eýedir.

Miýassar ULJAÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyñ talyby.