Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen esaslandyrylan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Türkiýe Respublikasynyň Istanbul şäherinde geçirilen 8-nji Etnosport medeniýeti festiwalyna gatnaşdy. Bütindünýä Etnosport Konfederasiýasy tarapyndan guralan etnofestiwala dünýäniň dürli ýurtlaryndan köp sanly wekiller gatnaşdy. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň giň möçberli halkara festiwala gatnaşmagy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ýurdumyz üçin taryhy ähmiýeti bolan wakalarynyň many-mazmunyny has-da baýlaşdyrdy. Mälim bolşy ýaly, bu topar dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilýän abraýly halkara bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýar hem-de meşhur toparyň, ahalteke bedewleriniň abraýyny artdyrýar. Festiwalyň çäklerinde dürli ýurtlardan gelen milli medeni toparlar däp-dessurlaryny, at üstündäki oýunlaryny, sportuň milli görnüşlerini görkezdiler. Etnosport medeniýeti festiwalynda «Galkynyş» toparynyň çykyşlary örän täsirli boldy. Toparyň ýerine ýetiren çylşyrymly tilsimleri bu ýerde ýaýbaňlandyrylan dabaranyň ýatda galyjy pursatlaryna öwrüldi. Toparyň agzalarynyň ahalteke bedewleri bilen sazlaşykly hereketleri myhmanlarda aýratyn täsir galdyrdy. Bu festiwal halklaryň birek-birege ýakynlaşmagy, milli däp-dessurlaryň giňden wagyz edilmegi, özara tejribe alyşmak üçin uly ähmiýetlidir.
Etnosport medeniýeti festiwalynyň jemleýji güni ýatda galyjy pursatlara beslendi. Onda festiwala gatnaşyp, ýokary netijeleri görkezen toparlar sylaglanyldy. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryna festiwalyň ýapylyş dabarasynda hem uly orun berildi. Toparyň festiwalyň ýokary derejeli baýragyna mynasyp bolmagy, at üstündäki oýunlar boýunça ýokary ussatlyga ýetendiginiň, toparyň agzalarynyň çykyşlarynyň halkara derejede ýokary baha mynasyp bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Dünýäde uly abraýa eýe bolan bu topara gowşurylan baýraklar onuň halkara medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, milli gymmatlyklarymyzy giňden wagyz etmäge mynasyp goşant goşýandygynyň ykrarnamasydyr.