Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Milli gaznahana ulgamyny döretmek, maglumatlary jemlemek, ulgamyň elektron binýadyny gurmak we maglumatlary alyşmak bölümi tarapyndan, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at–myradyň mekany» ýylynda, şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýy mynasybetli “Çar tarapda Garaşsyzlyk mukamy” atly dabara geçirildi.
Dabara halypa žurnalistler, ylmy işgärler, kitaphana hünärmenleri we okyjylar gatnaşdylar. Olar çykyşlarynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pederlerimiziň asylly ýol-ýörelgelerini üstünlikli dowam etdirip, parahatçylygyň, asudalygyň mekany hökmünde dünýäde giňden tanalýan berkarar döwletimiziň abraý-mertebesiniň häzirki döwürde has-da belende göterilýändigini nygtadylar. Şeýle hem, Garaşsyzlyk ýyllarynda syýasatda, ykdysadyýetde, ylym-bilimde, medeniýetde, saglygy goraýyşda we sportda gazanylan üstünlikler hakynda gürrüň berdiler.