logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Sazly ertekileriň gahrymanlary

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde Gökderedäki “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde türkmen halk ertekileri barada “Sazly ertekileriň gahrymanlary” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda ertekileri seslendirmegiň usullary, sazly ertekileriň dürli görnüşleri, aýdym-sazyň üsti bilen wakalaryň beýan edilişi barada täsirli gürrüň edildi. Hünärmenimiz birnäçe ertekileriň gahrymanlaryny, wakalaryny seslendirdi. Höwesjeň çagalar hem seslendirmäge goşulyp, gyzykly wagt geçirdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda aýdym-saz sungatymyzy, halk döredijiligimizi, türkmen halk ertekileriniň dürli görnüşlerini ýaş nesillere giňişleýin wagyz etmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.