Lebap welaýat kitaphanasynyň guramagynda welaýatymyzyň ýazyjy-şahyrlarynyň, döredijilik işgärleriniň gatnaşmaklarynda serkerde şahyr Seýitnazar Seýdiniň doglan gününiň 250 ýyllygy mynasybetli «Serkerde şahyr Seýitnazar Seýdiniň döredijiligi-nesillere nusgalyk» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşykda şahyryň ömri we döredijiligi, onuň ýaşlaryň Berkarar Watanymyza, mähriban halkymyza wepaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin goşgularynyň mazmunynda öwüt-ündewler eriş-argaç bolup geçýändigi barada giňişleýin gürrüňler edildi. Şeýle-de, kitaphananyň hünärmenleri tarapyndan giň göwrümli kitap sergisi guralyp, ol duşuşyga gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Örän täsirli geçen döredijilik duşuşygynyň dowamynda ata Watanymyzyň geljegi bolan nesilleriň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.