logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

SIZ DURMUŞYŇ GÖZELLIGI, GELJEGI

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda, Aşgabat şäherinde ýerleşýän, 12-nji çagalar bagynyň mekdebe taýýarlaýyş toparynyň çagalary bilen bilelikde «Siz durmuşyň gözelligi, geljegi» atly, 1-nji iýun çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli edebi-sazly ertirligini geçirdi.

Edebi ertirligiň başynda körpeje balalar, çagalar şahyrlaryň goşgusyna döredilen aýdym bilen başladylar we çagalar birnäçe goşgulary labyzly aýtmak bilen, sahnalaşdyrylan oýunlary görkezip, göwünleri galkyndyrdy. Şeýle-de kitaphananyň hünärmenleri söhbetdeşligiň ady boýunça gyzykly ertekili hem çagalar şahyrlaryň goşguly kitaplaryndan sergi gurnady.

Gahryman Arkadagymyz: «Gözlerimiziň guwanjy, göwünlerimiziň buýsanjy bolan bagtyýar çagalar berkarar Watanymyzyň dünýädäki abraýyny, mertebesini, şan-şöhratyny has-da beýgeltjek nesillerimizdir» diýýär. Hakykatdan-da, bu günki çagalar – ertirlere ynam, geljegiň dowamaty. Bagtyýar körpeleriň begenjine, toý şatlygyna şaýat bolup, olar bilen deň gülüşmek, oýnamak göwünlerde iki esse şatlygy oýarýar. Ýürekleri heýjana getirýän çaga gülküsini, şadyýan owazlaryny diňlemegiň, eşitmegiň lezzeti bir başga.

Edebi-sazly ertirligiň ahyrynda taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda çagalaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň şahsyýet taýdan kemala gelmegi we ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaklary üçin ähli zerur şertleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.