logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Söhbetdeşlik geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi tarapyndan “Garaşsyzlygyň we gurluşygyň beýik ýoly” atly söhbetdeşlik geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyz Türkmenistan uly ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Bu gün ýurdumyzyň ähli künjegindäki binagärlik gözellikleri kalplary guwanç-buýsanja besleýär. Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheri dünýäde deňi-taýy bolmadyk binagärlik sungaty we ak mermerli binalary bilen Ginnesiň rekordlar kitabynda orun aldy. Arkadag şäheri ýurdumyzyň ilkinji “Akylly” şäheri bolup, gurluşyk ulgamynda innowasion tehnologiýalaryň we ekologiýa taýdan arassalygyň aýdyň nusgasydyr. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda täze döwrebap obalar, ýaşaýyş jaý toplumlary, mekdepler, çagalar baglary, hassahanalar hem-de senagat kärhanalary gurulýar.

2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda açylyp, ulanmaga berilýän ajaýyp binalaryň ýurdumyzyň görküne görk goşýandygy hakynda söhbetdeşlige gatnaşanlar täsirli gürrüňleri berdiler. Eziz Watanymyzy gülledip ösdürýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.