logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

SOWAT KITAPDAN BAŞLANÝAR

SOWAT KITAPDAN BAŞLANÝAR

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda dürli ýaşly talyp ýaşlarymyzyň arasynda «Sowat kitapdan başlanýar» atly gezelençli, söhbetdeşlik geçirildi.

Döwrüň barha ösüp-özgermegi bilen kämillige eýe bolan adamzat jemgyýeti ylym arkaly ösmek ugruny nazarlaýar. Bu ugurda ýurdumyzda ýaşlar syýasatyna gönükdirilen beýik işler durmuşa ornaşdyrylýar. Olar ýaşlaryň işjeňligini ýokarlandyrmaga, hünär taýýarlygy, ruhy we beden taýdan sagdyn ösmegi üçin ykdysady we hukuk şertlerini döretmäge, şeýle-de okuwda, işde, ylym-bilimde, jemgyýetçilik we döwlet işinde öz ukyp-başarnyklaryny durmuşa geçirmek üçin oňyn şertleri döretmäge gönükdirilendir. Şu ugurlardan peýdalanyp talyp ýaşlarymyzyň okuw sapaklaryndan daşary dürli temalara degişli kitaplary okamaga, öwrenmäge şeýle-de okuw tejribe sapaklaryny geçmäge Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda ähli şertler mümkinçilikler kitaby söýýän ýaşlarymyz üçin döredilendir. Ylymlaryň – bilimleriň ojagy bolan Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasyna gelen dürli ýaşly talyp ýaşlarymyza kitaphananyň içiniň aýratynlyklary, bölümleri, kitap hazynasy bilen giňişleýin tanyşdyrylyp geçildi.

Gezelenjiň ahyrynda ruhy baýlygymyz bolan gymmatly eserleri okamaga, öwrenmäge, hem-de şol gymmatly eserleri ýaşlarymyzyň arasynda wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip beren Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.