logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ŞOWHUNLY GÜNLERIŇ ŞATLYGY

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi, Türkmenistanyň Içeri işleri ministrligi hem-de Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň bilelikde guramagynda Gökderedäki «Bagtyýar nesiller» dynç alyş we sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda «Çagalaryň bagtyýar durmuşy — parahatçylygyň we abadançylygyň aýdyň kepili» atly şygar astynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi tarapyndan çagalaryň netijeli dynç almaklary, boş wagtlaryny täsirli geçirmeklerini gazanmak maksady bilen, muzeý gymmatlyklarynyň sergisi guraldy. Sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanylyp, çagalar muzeýe wirtual syýahat etdiler. Guralan sergide çagalygy, beýik döwrümizi, tebigatymyzy, medeni hem-de ruhy gymmatlyklarymyzyň waspyny ýetirýän nakgaş, grafika, amaly-haşan sungat eserleri görkezildi. Çagalaryň arasynda sportuň birnäçe görnüşleri boýunça bäsleşikler geçirildi. Şeýle-de olar surat çekmek boýunça öz başarnyklaryny görkezdiler. Ýeňiji bolan hem-de tapawutlanan çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

«Ýaşlyk» teleýaýlymy tarapyndan alnyp barylýan işler dogrusynda söhbetli gürrüňdeşlik boldy. «Aşgabat» teleýaýlymy tarapyndan «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik guraldy.