Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Altyn asyr teleýaýlymynyň döredijilik topary bilen bilelikde Türkmen Döwlet neşirýat gullugynyň 3-nji kitap dükanynda «Soz mülküniň bossany» atly gepleşigini ýazgy etdi. Gahryman Arkadagymyzyň, Parahatçylyk sazy-dostluk, doganlyk sazy atly ajaýyp kitabynda giňişleýin beýan edilýän Şükür bagşynyň keşbiniň üsti bilen hoşniýetliligi ündeýän eseriň many-mazmun baýlygy hakynda aýratyn gürrüňler edildi.
Şeýle-de kitabyň ýas nesilleri ýokary parahatsöýüjilik ruhunda terbiýelemeklikde ähmiýetiniň örän ýokarydygy hakyndaky buýsançly söhbetler diňlenildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda kitap we kitaphana pudagyna uly ähmiýet berip, kitap neşir etmeklik işini has-da kämilleşdirmeklikde uly tagallalary alyp barýan Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.