logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

SPORT DABARASY GEÇIRILDI

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at–myradyň mekany» ýylynda mähriban Watanymyzda giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen, 4-nji aprelde Medeniýet şäherçesinde sport dabarasy geçirildi. Aýdym-sazly bu sport çäresine medeniýet we sungat ussatlary, döredijilik işgärleri, talyp ýaşlar işjeň gatnaşdylar. Sport çäresine gatnaşanlar bedenterbiýäniň we sportuň dürli görnüşlerini ýerine ýetirdiler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda, ilatyň jan saglygyny gowulandyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýe hereketlerini giňden ýaýbaňlandyrmak, sport bilen meşgullanmak, ýaşlarda sagdyn durmuş ýörelgelerine söýgi döretmek ugrunda tutumly işler amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde sporty, bedenterbiýäni dünýä derejesinde ösdürmeklige gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, türgenlerimiziň sebit we halkara bäsleşiklerinde şowly çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolup ýaşyl Tugumyzy belentde parlatmaklary örän buýsançlydyr.
Bütindünýä saglyk güni mynasybetli berkarar döwletimizde geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe hereketleri, sport ýaryşlary sagdyn durmuş ýörelgelerini üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Dünýäde giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň, parahatçylygyň we ynsanperwerligiň dabaralanmagyna, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kemala gelmegine uly ýardam berýär.

Ogulgurban Gaşlakowa,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni