logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Sport – sagdynlygyň gözbaşy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Gökderedäki “Beýik Serdar nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alýan çagalaryň arasynda «Sport – sagdynlygyň gözbaşy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde Gökderedäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alýan çagalaryň arasynda sportyň dürli görnüşleri, aýdym-saz sungaty we kitap okamak, çeper okaýyş boýunça bäsleşikleriň yzygiderli guralmagynyň aýratyn ähmiýetiniň bardygy, şeýle çärelere işjeň gatnaşýan çagalaryň höweslendirilip durulmagy bolsa olarda özboluşly ruhubelentlik döredýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de geçirilýän sport bäsleşikleri çagalaryň dürli ýerlerde zehinini açyp görkezmek, ugur tapmak, çakgan bolmak, güýjüni we çalasynlygyny artdyrmak, maksada ýetmekde tutanýerliligi, toparyň düzüminde umumy dil tapmak hem-de sazlaşykly hereket başarnygyny kemala getirmäge gönükdirilendigi hakynda hem giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda ýurdumyzda sporty ösdürip, ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly bolmagy üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.