logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Şu ertekiler size tanyşmy?

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda, 40-njy çagalar bagynda «Şu ertekiler size tanyşmy?» atly sesli okaýyş geçirildi.

Sesli okaýyşda halk döredijiliginiň bir görnüşi bolan türkmen halk ertekileriniň nesil terbiýesinde ornunyň örän uludygy, ertekilerde halallyk, ynsaplylyk, ynsan güýjüne, paýhasyna daýanmak, hoşgylawlylyk, sadalyk, dogruçyllyk, edep-ekramlylyk ýaly asylly gylyk-häsiýetler barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle hem, halk ertekilerindäki gahrymanlaryň ýaş nesilleriň aňlarynyň, düşünjeleriniň sagdyn ösmeginde täsiriniň örän uludygyny nygtadylar we türkmen halk ertekileriniň birnäçe görnüşlerinden çeper okap berdiler. Körpeler bilen ertekilerdäki haýsy gahrymanlaryň keşplerinde bolmak isleýändikleri barada pikir alyşdylar.