«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň her bir güni toý-baýramlara we şanly senelere beslenýär. Ýurdumyzda medeniýet we sungat ulgamyny ösdürmekde birnäçe işler alnyp barylýar.
2-nji martda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda «Sungat äleminiň bahary» atly zenan mugallymlaryň we talyplaryň döredijilik sergisi açyldy. Bu sergidäki eserlerde Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynyň köpdürliligi we milli medeniýetimiziň döwrebap öwüşgünleri görkezilýär. Zenan nakgaşlaryň eserlerinde açyk ýagty reňkler bilen halkymyzyň taryhy, däp-dessurlary we tebigatymyzyň gözelligi beýan edilipdir. Bu suratlaryň köpüsinde türkmen zenanlarynyň milli lybasly keşpleri esasy orunda durýar. Gelin-gyzlaryň geýen gyrmyzy donlary, nepis keşdelenen ýakalary we kümüş şaý-sepleri örän aýdyň şekillendirilipdir. Haly dokap oturan ýa-da keşde çekip oturan zenanlaryň keşpleri gündelik durmuşdan alnan pursatlary şekillendirip, el hünärlerimiziň dünýä ýüzündäki şöhratyny has-da belende galdyrýar. Çünki ene-mamalarymyzdan gelýän halyçylyk we keşdeçilik sungaty häzirki wagtda hem özüniň gymmatyny saklap gelýär.
Sergide güllere we tebigata bagyşlanan eserler bahar paslynyň gözelligini wasp edýär. Aýratyn-da bägülleriň, çigildemleriň, irisleriň, çopantelpekleriň we beýleki gülleriň şekillendirilişi örän janly görünýär. Reňkleriň sazlaşygy we öwüşgünleri suratlara özboluşly göwrüm berýär.
Ogulnäzik Geldiýewanyň «Türkmen gözeli» atly eseri kagyzyň ýüzünde suwly boýaglar bilen ýerine ýetirilip, birinji meýilnamada başy gupbaly milli lybasly türkmen gyzynyň keşbi şekillendirilipdir. Narly bagyň saýasynda duran gyzyň keşbi, tebigatyň eçilen nygmatlarynyň, bereketli türkmen topragynyň nyşanydyr.
Bu sergide nakgaşlyk eserlerinden başga-da, elde dokalan milli torbalar we haly önümleri, gobelenler, zergärçilik şaý-sepleri, külalçylyk güldanlary, dizaýn taslamalar, zenan lybaslary hem görkezilipdir. Bu bolsa sungatyň dürli görnüşleriniň özara sazlaşygyny döredýär.
Zenan mugallymlaryň we talyp gelin-gyzlarynyň döredijiligini şöhlelendirýän bu ajaýyp sergi milli gymmatlyklarymyzyň we bahar paslynyň özboluşlylygyny, ene mähriniň ýylylygyny çeperçilik taýdan suratlandyryp, her bir tomaşaçyda ýakymly täsirini galdyrýar.
Hallygözel Muhammedowa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi