logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

SUNGAT DIÝMEK NÄME, BILÝÄRMISIŇIZ

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylymyzyň her güni toý-baýramlara şanly senelere beslenýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy şanly senelere, baýramçylyklara, ömrüni sungata-medeniýete bagyşlan sungat ussatlaryň ömri döredijiligine bagyşlap - hemişelik, wagtlaýyn, senenamalaýyn we göçme sergilerini yzygiderli guraýar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi «Sungat diýmek näme, bilýärmisiňiz» atly sergi gurady.

Baý milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň çuňňur öwrenilmegi, dünýäde wagyz edilmegi babatda taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.