2026-njy ýylyň 6-njy noýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde syýahatçylyk hyzmatdaşlygy boýuça çykyşlara hem orun berildi.
GDA agza döwletleriň «muzeý işi» ugry boýunça binýatlaýyn guramasy bolan «Neswiž» milli taryhy-medeni muzeý goraghanasynyň ýolbaşçysy Ýaşçenko Dmitriý Leonidowiç geçirilen mejlisiň dowamynda, «Neswiž» milli taryhy-medeni muzeý goraghanasynyň işi barada giňişleýin gürrüň berdi we gyzykly wideorolik görkezdi. Dmitriý Leonidowiç çykyşynda «Neswiž» milli taryhy-medeni muzeý goraghanasynyň giň meýdanynda syýahatçylar üçin döredilen şertler, gadymy taryhy ýadygärliklerde gastronomiýa syýahatçylygyny ösdürmek, myhmanhanalary açmak, syýahatçylara milli däp-dessurlary görkezmek boýunça öz tejribesini paýlaşdy.