logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

TALYP GÖZELI – 2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda zenanlarymyza, ene-mamalarymyza, uýalarymyza uly hormat, sarpa goýulýar. Her ýylyň 8-nji mart güni «Halkara zenanlar baýramyny» uludan bellenilip geçilmegi munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda hem Halkara zenanlar güni mynasybetli «Talyp gözeli – 2026» atly talyp gyzlaryň arasynda gözellik bäsleşigi geçirildi. Bäsleşigiň dowamynda çykyş eden talyp gyzlar ýörite meýilnama boýunça dürli tapgyrlar boýunça bäsleşip, özleriniň ugurtapyjylygyny, keşp hem-de edep gözelligini, milli ýörelgelerimiz, milli el işlerimiz boýunça başarnyklaryny görkezdiler.

Bäsleşik 3 tapgyrdan ybarat bolup gatnaşan talyp gyzlaryň ählisi hem üstünlikli çykyş etdiler. Şeýlelikde, emin agzalaryň gelen netijeleri boýunça Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň merkezi geňeşi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde gurnamagynda ÝOM-niň arasynda geçiriljek «Talyp gözeli – 2026» atly jemleýji tapgyryna «Bagşy» hünäriniň I ýyl talyby Bägül Döwletmyradowa mynasyp boldy.

Bäsleşigiň ýeňijilerine diplomlar we ýadygärlik sowgatlar uly dabara bilen gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza talyp kalplaryndan çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, tutýan tutumly işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Aýläle GULMURADOWA

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Kompozisiýa” hünäriniň II ýyl talyby