Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň her bir güni ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenip, toýlarymyz toýlara, baýramlarymyz baýramlara ulaşýar. Halkymyzyň döredijilik ruhunyň beýany bolup, jemgyýetçilik durmuşymyza özboluşly öwüşgin çaýýan baýramlarymyzyň biri hem Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet günüdir. 2026-njy ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli talyp ýaşlaryň döredijilik eserleriniň sergisi geçirildi. Bu sergide türkmen halkynyň baý medeniýetini hem-de taryhyny açyp görkezýän eserler görkezildi.
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanyp geçirilýän dabaralaryň milli medeniýetimizi ösdürmekde, ony dünýä ýaýmakda, dünýäde ynsanperwer hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde, dost-doganlygy berkitmekde, döwletleriň, halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy täze, has ýokary derejelere çykarmakda, Magtymguly Pyragynyň döredijiligini, adamzada goýan baý mirasyny öwrenmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmekde örän uly ähmiýeti bardyr.