logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

«TARYHY TAPYNDYLAR GEÇMIŞE SYÝASAT»–ATLY KITAP SERGISI

«TARYHY TAPYNDYLAR GEÇMIŞE SYÝASAT»–ATLY KITAP SERGISI

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan «Taryhy tapyndylar geçmişe syýasat»–atly kitap sergisi gurnaldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz milli medeniýetimizi we sungatymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly üns berýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has takygy 2025-nji ýyl–Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edildi. Döwlet kitaphananyň Seýrek neşirler bölüminiň okalga zalynda «Taryhy tapyndylar geçmişe syýasat» atly kitap sergi gurnaldy. Sergä Aşgabat şäheriniň iňlis dilini çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 135-nji orta mekdebiniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda kitap sergi gurnaldy. Kitap sergimize gatnaşan mekdebiň ýokary synyp okuwçylarynda uly täsir galdyrdy. Bu günki günde ösüp gelýän ýaş nesillere taryhymyzy-edebi mirasymyzy öwrenmäge ähli şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan ajaýyp eseri «Änew–müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet»–atly ajaýyp kitabynda şeýle belläp geçýär. «Gadymy Änew adamzat taryhyndaky möhüm merkezleriň biridir. Änew şäheri diňe taryhy bilen däl, eýsem, şu günki ajaýyplygy we uzak geljege gönügen ösüşli beýik maksatlary bilenem dünýäniň ünsüni özüne çekip bilýär»-diýip belläp geçýär. Ýurdumyzda edebi mirasy öwrenmek işini düýpli ýola goýmak bilen, halkymyza asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.