Golaýda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda , türkmen bedewiniň waspyny ýetirýän “Bedew batly öňe barýar, Garaşsyz Türkmenistan” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda, sentýabr aýynyň 4-6-sy aralygynda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde geçirilen, Ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynyň türkmen atçylyk sungatynyň, halkymyzyň milli buýsanjynyň Ýer ýüzündäki abraýynyň nobatdaky dabaralanmasyna öwrülendigi, şeýle hem, bedewleriň waspyny ýetirýän sergileriň sergilenmegi, medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlarynyň türkmen bedewiniň dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýan muşdaklaryny bir ýere jemländigi hakynda söhbet etdiler.