Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň kitaphana ulgamyny has-da ösdürmek, döwrebaplaşdyrmak babatda döredip berýän uly mümkinçiliklerinden ruhlanyp, kitaphanamyza ýaşajyk okyjylary çekmek, olarda okamaklyga bolan höwesi, söýgini döretmek ugrunda netijeli işleri alyp barýarlar. Ýaňy-ýakynda hünärmenlerimiz paýtagtymyzda ýerleşýän 132-nji orta mekdebiň okuwçylarynyň arasynda myhmançylykda bolup, mekdebiň kitaphanasy ýakyn aragatnaşyk saklaýan, okamaga, kitaba höwesi bolan okuwçylaryny kitaphanamyza täze okyjy edip hasaba alyp, olara bir ýyllyk möhleti bolan okyjy biledini gowşurdylar. Şeýle-de kitaphanamyzyň hazynasyndan çagalar edebiýatyna degişli bolan neşirleri göçme serginiň üsti bilen höwesjeň, kitap söýüji ýaşlara ýetirdiler. Göçme sergi okuwçylarda uly gyzyklanma döretdi.
Täsirli geçen duşuşygyň ahyrynda bagtyýar çagalar özleri üçin döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga kalplaryndan çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.