logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

TEATR DURMUŞYŇ AÝNASY

TEATR DURMUŞYŇ AÝNASY

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 132-nji orta mekdebiniň okuwçylary bilen “Teatr durmuşyň aýnasy” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen teatr sungatynyň taryhy, ölmez-ýitmez sahna oýunlary, sungatda yz goýan ussatlarymyzyň ömri we döredijiligi barada täsirli gürrüňler edildi. Häzirki wagtda türkmen teatr sungatyny has-da ösdürmek, dünýä tanatmak ugrunda alnyp barylýan işler barada buýsançly gürrüňler edildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda milli medeniýetimizi, sungatymyzy, nusgawy edebiýatymyzy ýaş nesillere has giňişleýin wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi. SURAT