logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

«Teatr sahna bezeginiň gözelligi» atly grafika we nakgaşlyk eserleriniň sergisi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň teatrlarynyň işi täze, döwrebap derejede ösdürilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uly goldaw-hemaýatlarynyň netijesinde, Türkmenistanda yzygiderli guralýan halkara we döwlet derejesindäki teatr festiwallary sungat işgärleriniň, şol sanda sahna bezegçileriniň tejribe alyşmagyna uly ýardam edýär.

Ynha, bu gün hem Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Teatr sahna bezeginiň gözelligi» atly grafika we nakgaşlyk eserleriniň sergisi gurnaldy. Sergide halypa suratkeşlerimiziň sahna oýunlaryna, kinofilmlere, multfilmlere, pýesalara bagyşlanan taslamalary, nakgaşçylyk we grafika eserleri görkezildi. Olardan Türkmenistanyň halk suratkeşi Ýakup Annanurowyň «Görogly», «Hasan han», Annadurdy Almämmedowyň «Ajaýyp tebip», «Ene topragym», «Aýly gijäniň garaňkylygy», Haky Allaberdiýewiň «Mollanepes», «Magtym Işan», «Hazynalar adasy», «Jadyly nagyş», Annageldi Kulyýewiň «Kemine we Kazy», «Magtymguly» operasy, «Hyjuwly ýürek», «Aýna» operasy ýaly birnäçe ajaýyp eserleri belläp geçmek bolar. Şeýle hem, sahna bezegi diňe bir taslama bezegi bolman, aktýoryň sahna durmuşy bilen sazlaşykly ösýän bütewilikdir. Şoňa görä-de, döwrebap türkmen teatrynda bezeg sungaty, režissýorlyk çözgüdi we aktýorlyk ussatlygy özara baglanyşykda bolup, bütewi bir ulgama öwrülýär.