logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

TEBIGAT DÜNÝÄNIŇ GÖRKI

TEBIGAT DÜNÝÄNIŇ GÖRKI

Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasy (FAO) bilen bilelikde «Suw serişdelerini howanyň üýtgemeginiň täsirine durnukly dolandyrmak üçin mümkinçilikleri artdyrmak» atly taslamasy esasynda, 2025-nji ýylyň aprel aýynyň 14-16-sy günleri Tebigy çözgütlere baha bermek we durmuşa geçirmek boýunça 3 (üç) günlik okuw maslahaty geçýär.