logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynda “Altyn asyr” teleýaýlymynyň “Söz mülkiniň bossany” gepleşiginiň ýazgy etmekliginde “Garaşsyz ýurt dünýä ykrar. Toýa barýar Arkadagly Gahryman Serdarly diýar” atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik ýazgy edildi.

Özbaşdak ösüşüň röwşen ýoly bilen abadançylygyň hem rowaçlygyň belentliklerine tarap ynamly öňe barýan eziz Watanymyz Garaşsyzlyk ýyllarynda asyrlara barabar ýoly geçdi. Garaşsyzlyk döretmäge kuwwat, gurmaga güýç, parahatçylygy we dost-doganlygy pugtalandyrmaga egsilmez ylham berdi “Nesil” gazetiniň bölüm redaktory şahyr, Leýli Gurbanowa hem-de kitaphana hünärmenleri şular dogrusynda täsirli gürrüňleri berdiler.

Dünýä bileleşigi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara gatnaşyklar ulgamyndaky belent abraýyna uly sarpa goýup, öňe sürýän möhüm başlangyçlaryny işjeň goldamaklykda beýik işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.