logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TOMUS PASLY GELENDE

Türkmenistan bagtly çagalaryň, ýaşlaryň ähli arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurdudyr. Tomusky dynç alyş möwsüminde bagtyýar çagalaryň göwnejaý dynç almagy, wagtyny şadyýan hem gyzykly geçirmekleri üçin ýurdumyzyň dürli künjeklerinde sagaldyş we dynç alyş merkezleri hereket edýär. Şol merkezleriň hatarynda Lebap welaýat «Bagtyýarlyk çagalar sagaldyş we dynç alyş» merkezi hem öz işini güýçli depginde alyp barýar. Tomus möwsüminde çagalaryň boş wagtlaryny kitap bilen dostlaşdyrmak üçin Lebap welaýat çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri tarapyndan bu ýerde wagtlaýyn göçme kitap sergisi döredildi we sesli okamak boýunça bäsleşik hem geçirildi. Dynç alyş merkezinde her güni çagalar üçin gyzykly sesli okaýyşlar, sorag-jogap agşamlary, çeper okaýyşlar, bäsleşikler, duşuşyklar yzygiderli geçirilýär.

Bu gün Lebap welaýat çagalar kitaphanasy tarapyndan geçirilen sesli okuw çäresi welaýatymyzyň dürli künjeklerinden gelen çagalaryň arasynda uly täsir galdyrdy. Bagtyýar çagajyklar çäräniň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.