logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Türkmen halk ertekileri

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki “Şöhle” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Türkmen halk ertekileri» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we çeper okaýyş geçirildi.

Geçirilen çeper okaýyşda ertekileriň çaga terbiýesinde örän uly orun eýeleýändigi we çagalaryň söz baýlygyny artdyrmakda, pikirleniş ukybyny ösdürmekde, gözýetimini giňeldýändigi hakynda gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen halk ertekilerinden çeper okap berdiler.

Çäräniň dowamynda türkmen halk ertekileri kitaplary esasynda göçme kitap sergisi gurnaldy we ertekileriň çagalarda galdyran täsiri hakynda sorag-jogap alyşdylar.

Çäräniň ahyrynda bagtyýar çagalaryň şadyýan dynç almagy üçin ähli tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.