Halaç etrap merkezi kitaphanasy ýaş nesillerde kitaba bolan höwesini döretmek maksady bilen körpejileriň arasynda ýygy-ýygydan dürli mowzukda gürrüňleri, çagalar ertirlikleri yzygiderli geçirýärler. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdymyzda ýaş nesillerimiziň ylym-bilimli, giň dünýägaraýyşly, kämil düşünjeli, sagdyn ruhly ynsanlar bolup ýetişmekleri üçin uly işler amala aşyrylýar. Halk döredijiliginde özüne çekiji, täsirli görnüşleriniň biri hem ertekiler bolup, olar türkmen halk döredijiliginiň aýrylmaz şahsy bolup durýarlar. Halk paýhasynyň aýnasy bolan ertekiler gündelik durmuşda duş gelýän hadysalaryň çeper beýan edilmesidir, sebäbi ertekilerde beýan edilýän wakalar, suratlandyrmalar, ahlak sypatlar hut şu durmuşyň özünden alynýar. Çagalar “Türkmen halk ertekileri”, “Akpamyk”, “Ýartygulak”, “Ýüz tylla”, “Böwenjik”, “Akylly Ahmet”, “Ertekiler dünýäsinde”, “Dostlugyň miwesi” ýaly birnäçe ertekileri söýüp diňleýärler.