logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

TÜRKMEN HALK ERTEKILERINDE BEDEW ATYŇ KEŞBI

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda “Türkmenistan” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde “Türkmen halk ertekilerinde bedew atyň keşbi” atly söhbetdeşlik geçirdi.

Türkmen halk ertekilerinde bedew atlarynyň şöhlelendirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Bedew köplenç kuwwatlylyk, batyrlyk, ygtybarly dost hökmünde janlandyrylmak bilen gahrymanlaryny maksadyna ýetirmek ýaly gyzykly başdan geçirmeler görkezýär. Aýratyn hem “Görogly” şadessanynda Göroglynyň çagalykdan eýere imrinmegi Göroglynyň uly gahrymançylyk görkezmeginde onuň Gyratynyň bitirýän hyzmaty uly. Ol Göroglynyň ähli hereketlerine düşünýär. Ýyndam, dözümli, örän görmegeý bu at Görogly agyr ýagdaýa uçraýanda-da ony ýeke taşlap gitmeýär. Ine, şonuň üçin hem duşman Gyraty ogurlamak, Göroglyny elsiz-aýaksyz goýmak üçin elinde baryny edýär. Şeýlelikde “Görogly” şadessanynda hem bedewler eýesine wepadarlygyň kämil nusgalyk mekdebi bolup çykyş edýär. Söhbetdeşligiň dowamynda ine şular barada gyzykly gürrüňler edildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda bedew batly öňe barýan diýarymyzda ýaş nesilleriň giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmeklerinde uly tagallalary durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.