logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Türkmen halk ertekilerinden “Bir bar eken”

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Gökderedäki “Beýik Serdar nesilleri” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde Türkmen halk ertekileri esasynda “Bir bar eken...” atly kitabyndan sesli okaýyş geçirildi.

Geçirilen sesli okaýyşda ösüp gelýän ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemekde kitaplaryň ornunyň uludygyny, şeýle hem olary ugurtapyjylyga, watansöýüjilige, ündeýän owadan suratlar bilen bezelen kitaplar, şonuň bilen birlikde halk döredijilik eserleri, görnükli alymlaryň, pelsepeçileriň, şahyrlaryň türkmeniň mertebesini beýgeldýän kitaplary hakynda gürrüň berdiler. Çagalara “Bir bar eken...” atly ertekili kitabyndan sesli okap berdiler we şol ertekileriň gahrymanlarynyň keşpleri hakynda sorag-jogap alyşdylar.

Çäräniň ahyrynda bagtyýar nesillerimiz barada uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.