logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Türkmen hünärmenleriniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna hünär sapary

2026-njy ýylyň 17-nji oktýabry–7-nji noýabry aralygynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamentiniň «Halkara okuw saparlary» atly maksatnamasynyň çäklerinde medeni mirasy gorap saklamak, muzeýleri dolandyrmak boýunça ABŞ-nyň tejribeleri bilen tanyşmak maksady bilen geçirilýän «Medeni miras» subregional taslamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň muzeý işgärleri, ylmy-medeni edaralaryň wekilleri hem-de medeni mirasy goramak boýunça hünärmenler Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna hünär saparyny amala aşyrýarlar.
Maksatnamanyň esasy hünär maksatlary medeni mirasy gorap saklamak we muzeýleri dolandyrmak ulgamynda öňdebaryjy tejribäni öwrenmekden, sergileri meýilleşdirmek we olaryň dizaýnyny taýýarlamak, muzeý desgalarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça dünýä tejribesini alyşmakdan ybaratdyr. Şeýle hem, bu çäre ABŞ-nyň muzeýleri we ylmy-medeni edaralary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge, hyzmatdaşlygy berkitmäge hem-de ýurduň 250 ýyllygy mynasybetli onuň taryhy-medeni üstünliklerini wagyz etmäge gönükdirilendir.
Hünär saparynyň ilkinji tapgyry Waşington şäherinde amala aşyryldy. Bu döwürde wekiller medeni gymmatlyklaryň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek boýunça döwlet syýasaty bilen tanyşdylar. Hünär sapary Los-Anjeles şäherinde dowam edip, Pol Getti adyndaky merkezde we Getti muzeýinde duşuşyklar geçirildi. Muzeýiň Antik döwrüň eksponatlaryny dikeltmek we gorap saklamak boýunça tejribe alyşdylar.

Ylmy barlaglaryñ netijesinde toplanan iş tejribesi bilen tanyşlygynyň we duşuşygyň çäklerinde, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň seýrek we gymmatly, Merwden tapylan «Buddanyň kelle heýkelini» dikeltmek (restawrasiýa we konserwasiýa) boýunça halkara taslamanyň çäklerinde tapgyrlaýyn alnyp barylýan işler barada giňişleýin bellenilip geçildi.
Şeýle hem, saparyň dowamynda Los-Anjelesiň çeperçilik muzeýi we Tebigy taryh muzeýleri ýaly dünýä belli ylmy-medeni edaralarda sergiler, ylmy barlaglar hem-de ABŞ-nyň 250 ýyllygyna bagyşlanyp taýýarlanýan ýörite medeni taslamalar bilen tanyşdyryldy. Wekiliýetiñ Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary dowam edýär.