Ahal welaýat kitaphanasynyň Hyzmat etmek bölüminiň gurnamagynda türkmen nusgawy şahyry Seýitnazar Seýdiniň 250 ýyllygyna bagyşlap welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşligiň dowamynda şahyryň watançylyk, harby-gahrymançylyk, mertlik, batyrlyk we dost-doganlyk temalara degişli goşgulary barada gürrüň edildi. Watany söýmegiň, ony goramagyň beýik nusgasyny öz goşgularyna siňdiren, hakyky watançy şahyr Seýitnazar Seýdiniň döredijiligi halkyň ýüreginiň töründe orun alyp,asyrlardan aşyp biziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne ýetip geldi. Serkerde şahyryň goşgulary ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak milli ýadygärlikdir.
Welaýatyň kitaphana hünärmenleriniň we okyjylaryň gatnaşmagynda geçirilen gürrüňdeşligiň çäginde şahyryň döredijiligine bagyşlap kitap sergisi hem guraldy. Bu kitap sergisinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplaryna Seýitnazar Seýdiniň dürli ýyllarda çap edilen neşirlerine uly orun berildi. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda geçirilen bu çäre öz täsirliligi bilen ýatda galdy.