logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

TÜRKMEN ŞAÝ-SEPLERI GÖZELLIGIŇ BEZEGI

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynyň guramagynda talyp ýaşlaryň arasynda «Türkmen şaý-sepleri gözelligiň bezegi» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde halkymyzyň köpasyrlyk durmuş tejribesi esasynda toplanan milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülen medeni gymmatlyklarymyzy öwrenmek, olaryň gadymy nusgalaryny ýüze çykarmak, hem-de geljekki nesillere ýetirmek ugrunda yzygiderli tagallalar edilýändigini, eli hünärli ata-babalarymyzyň amaly-haşam sungatynyň zergärçilik ugruny kämil derejä ýetirip bu ugurda halkyna nusga alarlyk miras goýandyklary barada gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen zergärleri halkyň gadymy we kämil nusgasyna degişli bolan gelin-gyzlaryň bezeg şaýlaryna özleriniň ýagşy umyt- arzuwlaryny, çeper pikirlerini we yhlaslaryny siňdirendikleri barada hem aýdyp geçdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda milli mirasymyzy, medeni gymmatlyklarymyzy öwrenmek, gorap saklamak, olaryň ähmiýetini dünýä jemgyýetçiligine giňden ýaýmak ugrynda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.