logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

TÜRKMEN ZENANY ÇEPER DÖREDIJILIGIŇ USSADY

2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ilkinji zenanlar guramasy we Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ilkinji zenanlar guramasy tarapyndan ýokary okuw mekdebimiziň mejlisler jaýynda zenan mugallymlaryň hem-de talyp gelin-gyzlaryň gatnaşmaklarynda zenan döredijiligini giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmen zenany çeper döredijiligiň ussady» atly maslahaty geçirildi. Maslahatda türkmen zenanynyň çeper döredijilige bolan ussatlygy barada çykyşlar ýerine ýetirildi.