logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

«Türkmeniň aty - çüwen bagty» atly döredijilik bäsleşigi

Sungat gözelligiň waspy, ajaýyp keşbidir. Sungat ussatlary mydama gözelligiň gözleginde bolýarlar. Milli Liderimiziň “Gadamy batly bedew” atly kitabynda belleýşi ýaly, taryhy ýadygärlikler türkmen bedewiniň keşbiniň örän gadymy döwürlerden bäri heýkeltaraşlaryň, küýzegärleriň, senetkärleriň, suratkeşleriň, halyçylaryň ünsüni özüne çekendiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bedewe sarpaly garaýşyň halkymyzda belentdigi ýaly, sungatdaky şol ajaýyp keşpler-de heňňamlar üzre ýaşapdyr. Häzirki döwürde hem dünýäniň sungat ussatlary bilen bir hatarda türkmen suratkeşleri, halyçylary, heýkeltaraşlary eserlerinde bedew keşbini döredýärler. Ajaýyp ahalteke bedewleriniň şekili janlandyrylan surat eserleri, halylar dünýä belli muzeýleriň baş gymmatlygyna öwrüldi. Döredijilik ylhamynyň merkezindäki esasy joşgunly güýç ahalteke bedewinde jemlenendir.
Döredijilik bäsleşigine milli senenamamyzda orun alan baýramçylyklaryň biri bolan, türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda, Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäher Geňeşi bilen bilelikde, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň Şekillendiriş sungaty ugrundan okaýan talyplaryň arasynda «Türkmeniň aty - çüwen bagty» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Muzeýde geçirilen bu bäsleşikde okuw mekdebiniň talyplary sungat eserlerini döretdiler. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäher Geňeşi tarapyndan tapawutlanan ýaşlara bolsa, mynasyp baha berlip, gymmat bahaly sowgatlar bilen sylagladylar.