Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň bilelikde guramagynda «Türkmeniň buýsanjy behişdi bedew, şanly toýuň mübärek Garaşsyz Watan!» ady bilen Jemgyýetçilik guramalaryň merkezi binasynda söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler iýul aýynyň 5-ne Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda Diýarymyzda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlise gatnaşyp, özlerinde galdyran ýakymly täsirleri barada söhbet etdiler. Şeýle-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuna görülýän uly taýýarlyklar dogrusynda gürrüň berdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyza ajaýyp zamanany peşgeş beren, ýurdumyza bedew bady bilen ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.