Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Arzuw şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň bilelikde guramagynda “Türkmeniň buýsanjy behişdi bedew – şanly toýuň mübärek Garaşsyz Watan” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler şu ýyly “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylmagy ýurdumyz üçin taryhy gymmatlyklary, milli buýsanjy we geljege ynamy özünde jemleýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de şanly Garaşsyzlygymyzyň mizemez esaslaryny, baky Bitaraplygyň parahatçylyk dörediji syýasatyny we türkmen halkynyň müňýyllyklardan bäri dowam edip gelýän atçylyk sungatynyň wasp edilýändigi barada çykyş etdiler.
Çäräniň ahyrynda behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny belende galdyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.