logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

TÜRKMENISTAN ABADANÇYLYGYŇ WE ASUDALYGYŇ MEKANY

Lebap welaýat kitaphanasynda orta mekdepleriň okuwçylarynyň gatnaşmaklarynda “Türkmenistan abadançylygyň we asudalygyň mekany” ady bilen sergi guraldy. Bu ýerde esasanam Garaşsyz Watanymyzyň ösüşinde taryhy ähmiýetli üstünlikler, her ýylyň mynasyp şygara beslenmegi, durmuşa geçirilýän wakalaryň mazmunynda uly orun eýeleýändigi, bu bolsa bagtyýar ýaşlaryň döwlet ösüşiniň ähli ugurlarynda amala aşyrýan işleriniň netijesi bilen aýrylmaz baglanşyklydygy barada kitaphana işgärleri tarapyndan giň gürrüňler berildi. Gatnaşyjylar giňişleýin kitap sergisine syn edip ýurdumyzda ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýä garaýyşly ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin döredilýän mümkinçiliklerine Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýüreginiň töründen çykýan alkyşlaryny beýan etdiler.