logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Türkmenistan – bagtyýar çagalaryň mekany

Çaga – her bir maşgala üçin hem, döwlet üçin hem iň uly gymmatlyk bolup geljegimiziň dowamatydyr. Mähriban çagalarymyzyň şadyýan gülküleri biziň iň uly bagtymyzdyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda çagalar hakynda edilýän alada tutuş jemgyýeti gurşap alýar. Olaryň sagdyn ösmegi, sowatly, hünärli adamlar bolup ýetişmegi üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilýär. Her ýylyň 1-nji iýunynda Çagalary goramagyň halkara gününiň uly baýram edilip bellenilmegi olara goýulýan hormatyň aýdyň subutnamasydyr.

Çagalary goramagyň halkara güni adamzadyň parahatçylyk we dostluk ýörelgelerini dabaralandyrýan ajaýyp baýramdyr. Bu halkara baýramyň şanyna bagyşlanyp, eziz Diýarymyzyň ähli künjeginde, ak mermere beslenen Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýat merkezlerinde giň gerimli, baý many-mazmunly, döwrebap öwüşginli medeni-köpçülikleýin çäreler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Bu ajaýyp dabaralar ýagty ertiriň, röwşen geljegiň nurana dowamaty, döwletli ojaklaryň bagt ganaty bolan ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilýändigini şöhlelendirýär.

Şu ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli muzeý gaznasynda saklanylýan gymmatlyklardan “Türkmenistan – bagtyýar çagalaryň mekany” atly sergi gurnaldy. Onda mähriban enelerimiziň kalbynyň söýgüsi siňen, çagalar üçin niýetlenip tikilen milli egin-eşikleri: keteni köýnekleri, gyrmyzy donlarydyr ezýaka köýnekleri, çokaýdyr joraplary, oglanjyklar üçin niýetlenip dokalan horjunlary we torbalary, sümmen, ak gaýma we gültahýalary, şeýle hem zergärleriň çagalar üçin niýetläp ýasan gupba, burma, eginlik, bäzbent, goçbuýnuz we ok-ýaý ýaly şaý-sepleri görkezilýär. Mundan başga-da sergide Marguşdan we Nusaýdan tapylan, palçykdan ýasalan çaga oýnawaçlaryna orun berilýär. Şeýle-de çagalaryň irki döwürde we häzirki wagtda hem höwes bilen oýnaýan dürli görnüşli gurjaklary, aşyklary we ýaýlary görkezilýär. Çagalaryň oýun oýnaýan pursatlaryndan arhiw fotosuratlaryna, muzeýiň gaznasynda saklanylýan çagalaryň ýasan el işlerine hem sergide orun berilýär.

Bu sergi diňe bir medeni gymmatlyklary däl-de, eýsem, çagalara bolan çäksiz söýgüni we olara goýulýan uly hormaty aýdyň şöhlelendirýär.