logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TÜRKMENISTAN — BMG: HYZMATDAŞLYGY PUGTALANDYRMAK UGRUNDA

31-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň bäşinji mejlisi geçirildi. Ol hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň BMG bilen strategik hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda alyp barýan daşary syýasatynyň mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň ýolunda möhüm çäredir. Mejlise Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we beýlekiler gatnaşdylar.
Mejlisde bellenilişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu babatda işleri üstünlikli alyp barmak maksady bilen, 2024-nji ýylyň martynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşi döredildi. Geňeşiň çäklerinde ýurdumyzyň Milletler Bileleşigi bilen parahatçylyk, howpsuzlyk, ykdysadyýet, durnukly ösüş, bilim, howanyň üýtgemegi, ynsanperwer syýasat babatda hyzmatdaşlygynyň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Häzirki wagta çenli onuň dört mejlisi geçirildi. Ýakynda bolan Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň ýurdumyz bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini belläp, bu geňeşiň mejlisini ýokary derejede geçirmek barada tabşyryk bermegi onuň möhüm ähmiýetini aýdyň ýüze çykarýar.

«Türkmenistan» gazeti