logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

TÜRKMENISTAN– ÇAGALARYŇ IŇ ARZYLY ISLEG-ARZUWLARYNYŇ HASYL BOLÝAN MEKANY

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri tomusky dynç alyş möwsüminiň ilkinji günlerinde «Aşgabat» seýilgähinde «Türkmenistan – çagalaryň iň arzyly isleg-arzuwlarynyň hasyl bolýan mekany» atly göçme kitap sergisini gurnady. Sergini synlamaga kitaphanamyzyň hemişelik okyjylary hem geldiler. Ýaşajyk kitap söýüjiler ata Watanymyzy, bagtyýar çagalygy wasp edýän goşgulary uly höwes bilen labyzly aýdyp berdiler. Seýilgähe gezelenç etdiler. Göçme sergide ýerleşdirilen türkmen halk ertekilerini uly höwes bilen okadylar.

Göçme sergä gatnaşanlaryň ählisi ýurdumyzy bagtyýar çagalaryň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.