TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÝAPONIÝA IŞ SAPARY TAMAMLANDY
20-nji dekabrda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde “Merkezi Aziýa-Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammitine gatnaşdy. Bu dialogyň esasy maksady sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek we dünýä jemgyýetçiligi bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak arkaly Merkezi Aziýada durnukly ösüşe ýardam bermekden ybaratdyr.
Türkmenistan “Merkezi Aziýa-Ýaponiýa” formatyna diňe bir diplomatik duşuşyklar üçin meýdança hökmünde däl, eýsem, halkara gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasyny durmuşa geçirmek babatda-da netijeli gural hökmünde garaýar. Oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine ygrarly ýurdumyz dialogyň çäklerinde özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlygy ileri tutýar. 2017-nji ýylda Aşgabatda bu dialoga agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň maslahatynyň geçirilmegi Türkmenistanyň sebitiň ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň bähbitlerini umumy maksatlaryň daşyna jemläp bilýändigini görkezdi. Ýurdumyz dialogyň çäklerinde bu hyzmatdaşlyga anyk ykdysady mazmun bermäge çalyşýar. Diýarymyzda öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda iri gaz himiýa senagat kärhanalarynyň gurulmagy munuň aýdyň mysalydyr.
Döwletimiz formatyň çäklerinde Merkezi Aziýany dünýä bazarlary bilen baglanyşdyrýan durnukly ulag-logistika geçelgelerini döretmek başlangyjyny işjeň ilerledýär. Durnukly infrastruktura Ýewraziýa yklymynda ykdysady ösüşiň esasy şerti hökmünde garaýan Ýaponiýa ýurdumyzyň bu başlangyçlaryny yzygiderli goldaýar. Dialog boýunça hyzmatdaşlygyň häzirki döwri ekologiýa we “ýaşyl” energetika ýaly ählumumy meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga geçmek bilen tapawutlanýar. Türkmenistan daşky gurşawa goýberilýän zyňyndylary azaltmak üçin ýapon innowasiýalaryny ornaşdyrmagy teklip edip, karbonsyzlaşdyrmak boýunça sebit “Ýol kartasyny” işläp taýýarlamaga netijeli gatnaşýar.
“Merkezi Aziýa-Ýaponiýa” dialogynyň ilkinji sammitiniň geçirilmegi bu formatyň ösüşinde taryhy pursat boldy. Hormatly Prezidentimiziň bu ýokary derejeli duşuşyga gatnaşmagy Türkmenistanyň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy milli we sebit derejesindäki strategik taslamalara öwürmäge ukyply ýurt hökmünde dialogda eýeleýän möhüm ornuny tassyklady.
...Sammitiň geçirilýän ýerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaiti mähirli garşylady. Döwlet Baştutanymyz hem-de dostlukly ýurduň Hökümetiniň Başlygy bilelikde surata düşdüler. Wekiliýet Baştutanlarynyň sammite gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, “Merkezi Aziýa-Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammiti geçirildi.
«Türkmenistan» gazeti