logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Türkmenistan–bagtyýar çagalaryň ýurdy

Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Aşgabat” söwda we dynç alyş merkezinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitaphanaçylary “Ýaşlyk” teleýaýlymy bilen bilelikde ýaş neslimiziň tomusky dynç alyş möwsümi we boş wagtlary kitaphanalarda öz bilimlerini çuňlaşdyryp, gözýetimini giňeltýändikleri dogrusynda söhbetdeşlik ýazgy etdiler. Mundan başga-da çykyş edenler Gökderedäki çagalar we dynç alyş merkezlerinde dynç alýan bagtyýar çagalaryň arasynda kitap okamak boýunça bäsleşikleriň, söhbetdeşlikleriň geçirilýändigini, göçme kitap sergilerini gurnaýandyklaryny, bu kitap sergileriň üsti bilen çagalaryň ruhy dünýäsini baýlaşdyryp, olary Watana wepaly ýaşlar edip terbiýelemekde uly ähmiýete eýedigini belläp geçdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda ajaýyp ýurdumyzda ýaşap, halal zähmet çekmegimiz üçin, şeýlede ýaş neslimiz hakynda edýän atalyk aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.