31-nji martda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Onda ýurdumyzda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine 29-njy martda geçirilen saýlawlaryň gutarnykly netijeleri jemlenildi, tassyklanyldy we yglan edildi. Oňa merkezi saýlaw toparynyň agzalary, degişli iş toparlarynyň wekilleri, milli synçylar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisde bellenilişi ýaly, saýlawlar giň bäsdeşlik, açyklyk we aýanlyk ýörelgeleri esasynda geçirildi. Bu bolsa Türkmenistanyň demokratik ösüş ýoluna, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen binýady goýlup, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän syýasy ugra ygrarlydygyny nobatdaky gezek tassyklady. Bu strategiýa döwlet hem-de jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmagy göz öňünde tutýar. Saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsümiň ähli tapgyrlary öz wagtynda, milli saýlaw kanunçylygynyň talaplaryna, umumy ykrar edilen halkara standartlara laýyklykda guraldy. Möwsümiň dowamynda we saýlawlaryň geçirilen gününde saýlawçylaryň ýokary işjeňlik görkezmegi şu gezekki jemgyýetçilik-syýasy çäräniň häsiýetli aýratynlygy boldy.
«Türkmenistan» gazeti