23-nji fewralda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, topar tarapyndan geçen ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri baradaky hasabat diňlenildi we öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurdumyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşi milli hukuk ulgamyny kämilleşdirmek, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny milli kanunçylyga ornaşdyrmak bilen berk baglanyşyklydyr.
Mejlise gatnaşyjylar hasabat döwründe ýurdumyzy mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak, döwletiň kanunçylyk ulgamyny pugtalandyrmak babatda birnäçe çäreleriň durmuşa geçirilendigini bellediler. Bitarap Türkmenistan parahatçylyk, howpsuzlyk, adamyň we raýatyň abadançylygy ugrunda çykyş edýär. Halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri-de adam hukuklaryny üpjün etmegiň hukuk we guramaçylyk-tejribe çäreleriniň toplumy bilen baglanyşyklydyr. Mejlisde döwlet Baştutanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisinde öňe süren halkara başlangyçlaryndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilmegi baradaky tagallalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek teklibi parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň halkara hukuk esaslaryny pugtalandyrmakda wajyp ädimdir.
Pudagara toparyň agzalary ýurdumyzyň hukuk ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, adam hukuklarynyň, ynsanperwer hukugyň ileri tutulmagyna esaslanýan halkara borçnamalary ýerine ýetirmek boýunça wezipeleri amala aşyrmakda geljekki işleriň esasy ugurlary barada hasabatlar bilen çykyş etdiler. Çykyş edenler Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleri we beýleki halkara guramalaryň wekilhanalary bilen işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň möhümdigini nygtadylar. Pudagara topar Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge gönükdirilen toplumlaýyn işi alyp barýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan demokratik özgertmeleriň esasy görkezijileri ilatyň bagtyýar, abadan durmuşy üçin mynasyp şertleri döretmekden, raýatlaryň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmekden ybaratdyr.
Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda raýatlaryň mynasyp zähmetini guramak boýunça anyk strategik wezipeler kesgitlenendir. Bu wezipeleri netijeli amala aşyrmakda, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda zähmeti innowasion esasda guramak wajypdyr. Kämilleşdirmegiň ileri tutulýan ugry hökmünde zähmeti guramak we goramak çykyş edýär. Bularyň hemmesi raýatlaryň intellektual ukyplaryny netijeli durmuşa geçirmek üçin zähmeti ylmy hem-de innowasion esasda guramaga gönükdirilendir.
«Türkmenistan» gazeti